Biz hakynda

Aýmaro-art studiýasy

Sungat – ylhamly döredijiligiň nepis älemi. Ylham – kalbyň ganat germesi. Ol ynsan arzuwlarynyň düýpsüz çuňluklaryny gulaçlap, olaryň keşbini gizleýän syrly perdäni dem salymlyk syrýar-da, bizi belentliklere iterýär.

Arzuwlar – ýürekleriň ganatly çapary. Hemişe ýagty, belent hem owadan arzuwlaryň zanny gözellikden. Olar bizi gözbaşlara dolap getirýär-de, çyn ýaşamagy öwredýär. Gözellik adama durmuşyň derýa ýaly akyp geçýändigini, sungatyň welin bakydygyny buşlap dur. Hut şu hakykatdan ugur alyp hem, biz öz işimizde

“SUNGAT – BU GÖZELLIKDIR, OWADAN ÝAŞAŇ!”

diýen jümläni baş şygar edip saýlap aldyk.

“AÝMARO” Art-studiýasy özünde ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden tanalýan, köpsanly sungatşynaslaryň we çeper sungatyň çyn muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan halk suratkeşleriniň, sungatda at gazanan işgärleriň, at-abraýly döwlet derejesinde geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň hem ýaş zehinleriň çeper ussatlygyny hem ylhamyny jemleýär. Biz

“TIZ, ÝOKARY HILLI, KÄMIL ÇEPERÇILIK DEREJESINDE”

işlemegi özümize mizemez kada edinýäris.

Bizde müşderileriň gözellige bolan teşneligini, islendik çeperçilik isleg-arzuwlaryny kanagatlandyrmaga ähli mümkinçilikler bar. Dürli çeperçilik žanrlarynda ýerine ýetirilen sungat eserleriniň kämillik derejesi Siziň göwnüňize ýarar.

Şekillendiriş sungatynyň surat eserleri kendir matanyň ýüzünde, ýagly reňkler bilen ýerine ýetirilýär. Edinesiňiz gelýän sungat eseriňiziň žanry, stilistikasy, ululygy, daşky bezegi barada heniz belli bir netijä gelmedik bolsaňyz, studiýamyzda Size öz işine ussat suratkeşler degerli maslahatlary bererler.

“AÝMARO” Art-studiýasynda mundan başga-da çeper suratlar üçin owadan baget çarçuwalaryny taýýarlap, taýýar edilen eserleri niýetlenen ýaşaýyş we edara jaýlarynyň içerki bezegine laýyklap ýerleşdirip hem bererler.